«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ählihalk bolup jebislikde geçirilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz çuňňur manyly söz sözläp, Garaşsyzlyk ýyllarynda başy başlanan tutumly işleri mynasyp dowam etdirjek giň dünýägaraýyşly, belent ruhly, watansöýüji ýaş nesliň kemala gelendigi we olary döwlet işine, jogapkärli wezipelere çekmegiň maksadalaýykdygy baradaky asylly başlangyjy öňe sürdi.
Şol ählihalk forumda milli Liderimiz ýurdumyzda geljekki 30 ýylda durmuşa geçirilmeli işleri nazarlaýan resminamany — «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052- nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» tassyklady.
Gahryman Arkadagymyzyň demokratik başlangyçlary esasynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynyň açyklyk, aýdyňlyk we deňhukuklylyk esasynda üstünlikli geçirilip, onuň jemleri boýunça Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowyň döwlet Baştutanynyň wezipesine saýlanylmagy ýurdumyzda taryhy jemgyýetçilik-syýasy waka boldy. Milli Liderimiziň parasatly başlangyjy bilen, asudalykda, jebislikde aýdym-saza beslenip geçirilen saýlawlar halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, döwletimiziň geljegine bolan ynamyň aýdyň dabaralanmasy boldy. Saýlaw güni, Gahryman Arkadagymyzyň degişli saýlaw uçastogyna mähriban käbäsi bilen bile gelip, ses bermegi hemmelerde uly täsir galdyrdy.
Demokratik ýörelgelerde açyklyk, aýdyňlyk we deňhukuklylyk esasynda geçirilen Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda Serdar Berdimuhamedowyň saýlawçylaryň sesleriniň uly aratapawutly köplügi bilen ýeňiş gazanmagy halkymyzda çäksiz şatlyk we buýsanç döretdi.
Gurbanowa Saparjemal
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby