Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew bady bilen öňe barýan günlerinde uly ruhubelentlige beslenip geçirilýän dabaralar halkymyzyň durmuşynda ykbal kesgitleýji pursatlara baýdygy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiziň wezipesine girişmek dabarasynda milli däplerimize laýyklykda, kasam kabul etmegi täze döwrümiziň dowamata atarylýandygyny görkezdi. Hormatly Prezidentimiziň bu dabarada eden çykyşynda: «Öz öňümde goýan maksatlarymy üstünlikli amala aşyrmakda men, ilkinji nobatda, halkymyza, onuň agzybirligine we jebisligine, aň-düşünjesine hem-de merdanalygyna bil baglaýaryn» diýip bellemegi demokratik däpleriň rowaçlanýan we pugtalandyrylýan ülkesinde her bir işde hemişe merdana halkymyza daýanylýandygyny ýene-de bir gezek äşgär etdi. Hormatly döwlet Baştutanymyzyň hemişe halkymyza bil baglap, öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrjakdygy baradaky ynam ulus-ilimiziň köňül töründen orun aldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly turuwbaşdan türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň ykbalyna öwrülişikli täsirini ýetirýän taryhy wakalara beslendi. Halk Maslahatynyň mejlisinde möhletinden öň saýlawlary geçirmek barada ýörite çözgüt kabul edildi. Ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we Saýlaw kodeksine laýyklykda, 12-nji martda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleriň arasynda açyklyk, aýanlyk, erkinlik hem bäsdeşlik ýagdaýynda saýlawlar ýokary guramaçylyk derejesinde geçdi. Türkmenistanyň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylan ählihalk saýlawlary ýurdumyzda özgertmeler esasynda öňe gitmek ýörelgesine berk eýerilýändigini hem-de milli demokratiýamyzyň rowaçlanýandygyny aýdyň görkezdi. Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 76-njy maddasyna laýyklykda, saýlawlarda ses bermäge gatnaşan saýlawçylaryň sesleriniň iň köpüsini alan dalaşgär Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti diýlip ykrar edildi.
19-njy martda gözel paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti dabaranyň dowamynda söz sözläp, döwletimiziň hem halkymyzyň bähbidine gönükdirilen maksatlary barada giňişleýin durup geçdi. Bu buýsandyryjy pursatlar ýurdumyzda özgertmeler syýasatynyň mundan beýläk hem dowam etdirilip, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuşynyň has-da gowulandyryljakdygyna ynamy artdyrdy.
Halkyň saýlan Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa ýokary döwlet wezipesinde hemişe üstünlikleriň ýar bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!
Miyesser Hekimowa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Ýol gurluşygy fakultetiniñ talyby

RU












