14-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Katar Döwletiniň
Türkmenistandaky täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi
Mubarak Abdurahman Mubarak Al-Nasry kabul etdi. Ol döwlet
Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.
Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça
gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Hormatly Prezidentimiziň 2017-
nji ýylyň mart aýynda Katar Döwletine bolan döwlet saparynyň, şeýle hem
Kataryň Emiri Şeýh Tamim Bin Hamad Al-Taniniň şondan bir ýyl öň
Türkmenistana bolan resmi saparynyň jemleri boýunça ýokary derejede
gazanylan ylalaşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz we dostlukly ýurduň ilçisi özara
peýdaly söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin ägirt uly
mümkinçilikleriň bardygyny bellediler. Dürli ugurlardaky netijeli işewür
gatnaşyklarynyň ösdürilýändigi barada aýdyldy. Tutuş dünýäde durnukly
ösüşiň möhüm şertini emele getirýän nebitgaz pudagy we ulag ulgamy
döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugurlaryň hatarynda görkezildi.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistan we Katar ykrar edilen energetika döwletleri we
tebigy gazy eksport edýän öňdebaryjy ýurtlar bolmak bilen, bu wajyp
ugurdaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýärler. Milli
Liderimiziň başlangyjy bilen Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar ýurtlarynyň
arasyndaky ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegini şertlendirýän ulag-
üstaşyr ugurlarynyň halkara düzümlerini kemala getirmek boýunça
taslamalaryň wajyp ähmiýete eýedigi bellenildi.
Şeýle-de, söwda, maýa goýum, senagat we tehnologiýa pudaklarynda
uzakmöhletleýin esasdaky netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini, häzirki
döwrüň ýagdaýlaryny nazara alyp, onuň ugurlarynyň
diwersifikasiýalaşdyrylmagyny üpjün edýän Hökümetara türkmen-katar
toparynyň işine möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.