Pakistanyň paýtagty Yslamabatda Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy (YHG) we Yslam ösüş banky garyplyga we açlyga duçar bolýan owgan halky üçin haýyrsahawat kömegini ýygnamak maksady bilen, Owganystan üçin Ynsanperwerlik gaznasynyň Tertipnamasyna gol çekdiler.

Pakistanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat gullugynyň maglumatyna görä, resminama YHG-nyň Baş sekretary Hiseýn Brahim Taha we Yslam ösüş bankynyň ýolbaşçysy Muhammad Suleýman al-Jassir gol çekdi. Gol çekmek dabarasyna Pakistanyň daşary işler ministri Şah Mahmud Kureşi hem gatnaşdy.
Yslam ösüş banky Owganystana ynsanperwerlik kömegini gönükdirmek üçin araçy bolar. Bu işler beýleki halkara subýektler bilen hyzmatdaşlykda alnyp barlar.