Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanyldy. Bu barada Hökümetiň 25-nji martda geçirilen sanly ulgam arkaly mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjy wakadyr.