Kazanyň halkara aeroporty 2022-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistan bilen howa gatnawlaryny dikeltmegi meýilleşdirýär. Bu barada aeroportyň metbugat sekretary Adel Gataulliniň sözlerine salgylanyp, “Казанские ведомости” neşiri habar berýär.
“27 martdan ýazky-tomusky nawigasiýa döwri başlanýar, bu döwürde Kazan aeroportynda halkara ugurlaryň sany artdyrylar. Mysal üçin, aprel aýynda Aşgabat we Minsk ýaly ugurlary açmak meýilleşdirilýär ” diýip, Gataullin aýtdy.