2022-nji ýylyň ýanwarfewral aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygy 108 million 800 müň dollara golaýlady. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabaty esasynda maglumat ýaýradyldy.

Bellenilişi ýaly, ýanwar-fewral aýlarynda Özbegistanyň Türkmenistandan importy ABŞ-nyň 90 million dollaryna deň boldy. Ýurduň Türkmenistana eksporty bolsa 18 million 800 müň dollara ýetdi. Geçen ýylda türkmen-özbek söwda dolanyşygynyň möçberi 881 million 900 müň dollara deň bolup, 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 61 göterim ýokarydyr.