Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda saglygy goraýyş we derman senagaty ulgamy barha ösýär, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgeleri rowaç alýar. Halkymyzyň saglygyny goramak, ösüp gelýän ýaş nesliň berk bedenli, sagdyn ruhly, bilimli, edep-terbiýeli, hünärli adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak hem-de köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmek meselesine aýratyn üns berilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ýylynda ýurdumyzyň raýatlarynyň saglygyny goramakda, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmakda dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan giň gerimli tutumlar eziz Diýarymyzyň dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilmeginiň berk binýadyna öwrüldi. Döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolan şeýle tutumlar halkymyz tarapyndan ýokary ruhubelentlik bilen garşylanyp, şol ýagşy maksat-tutumlara hemişe rowaçlyklaryň hemra bolmagy babatda köpçülikleýin tagalla edilýär.
Eziz Diýarymyzda maşgala baradaky aladanyň ilkinji orunda durýandygy, onuň durmuş goraglylygyny üpjün etmek barada uly aladalaryň edilýändigi aýratyn bellärliklidir. Bagtyýar maşgalanyň döredilmeginde aýakbagy bolýan nogsanlyklary aradan aýyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýaş nesli watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde, zyýanly endiklere garşy göreşmekde birleşen tagallalar zerurdyr. Munuň üçin halk köpçüliginiň, aýratynam ýaşlaryň arasynda geçirilýän düşündiriş çäreleriniň ähmiýeti örän uludyr.
Goý, geljekde Watanymyzyň daýanjy boljak ýaş nesliň bagtyýarlygy barada uly alada edýän, «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!