Ýaponiýanyň milli futbol ýygyndysy Katarda geçiriljek dünýä çempionaty üçin Aziýanyň saýlama ýaryşynyň dokuzynjy tapgyrynda myhmançylykda Awstraliýanyň toparyny 2:0 hasabynda utdy. Ýaponiýanyň toparynyň düzüminde Kaoru Mitoma gol bilen tapawutlandy (89; 90+4). Bu barada TASS habar berýär.

Aziýanyň saýlama ýaryşynyň üçünji tapgyrynyň jemi boýunça dünýä çempionatynyň finalyna iki toparçanyň hersinden iň gowy iki topar çykýar, üçünji orny eýelän toparlar iki geçiş oýnuny oýnar. Utulandan soň Awstraliýanyň milli ýygyndysy B toparçanyň turnir jedwelinde ikinji orny eýelemek mümkinçiligini ýitirdi, toparyň hasabynda jemleýji tapgyrdan öň 15 utuk bar. Ýaponiýalylar 21 utuk gazanyp, toparçada birinji orna çykdylar. Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy 19 utuk bilen ikinji orny eýeleýär.

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy bassyr ýedinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşyjy boldy, topar üç gezek ýaryşyň 1/8 finalyna çykdy. Saud Arabystanynyň milli ýygyndysy dünýä çempionatyna altynjy gezek saýlandy, toparyň iň gowy üstünligi 1994-nji ýylda ABŞ-da geçirilen ýaryşyň 1/8 finalyna çykmagy boldy.

Ýaponiýanyň we Saud Arabystanynyň milli ýygyndylary Katarda geçiriljek dünýä çempionatynyň 16-njy we 17-nji gatnaşyjylary boldy. Mundan öň ýaryşa Germaniýanyň, Daniýanyň, Fransiýanyň, Belgiýanyň, Horwatiýanyň, Ispaniýanyň, Serbiýanyň, Angliýanyň, Şweýsariýanyň, Niderlandlaryň, Braziliýanyň, Argentinanyň, Eýranyň, Günorta Koreýanyň toparlary, şeýle-de ýaryşy kabul edýän ýurt hökmünde Kataryň milli ýygyndysy saýlandy. Dünýä çempionaty 21-nji noýabrdan 18-nji dekabr aralygynda geçiriler.