2025-nji ýylda Osaka şäherinde geçiriljek “Expo-2025” Bütindünýä sergisiniň guramaçylyk komiteti sişenbe güni geljekki halkara çäresiniň resmi tumaryny görkezdi. Tumarda Expo-2025-iň logotipi suwdan bolan täsin bir zadyň elinde ýerleşdirilip, onuň ideýasy ösdürilýär. Bu barada TASS habar berýär.
Guramaçylyk komiteti tumaryň dizaýn görnüşiniň köp sanly dalaşgärlerden ses bermek arkaly saýlanyp alnandygyny belledi. “Biziň resmi logotipimiziň yzy bilen, bu personažyň hem bütin dünýäde Osakanyň we bütindünýä sergisiniň nyşany hökmünde meşhur bolmagyna hem-de söýülmegine umyt bildirýäris” – diýip, guramaçylaryň beýannamasynda aýdylýar.
Bütindünýä uniwersal sergileri 1851-nji ýyldan bäri geçirilýär we iň täze gazanylanlary we tehnologiýalary görkezmek üçin global meýdançalar bolup hyzmat edýär. 2020-nji ýylda sergi Dubaýda meýilleşdirildi, ýöne onuň açylyş dabarasy koronawirus pandemiýasy sebäpli 2021-nji ýylyň oktýabr aýyna süýşürildi. 2025-nji ýylda halkara çäresini Osaka kabul etmäge taýýarlanýar.