Germaniýaly prodýuser Aýris Knobloh 2023-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli üç ýyl möhlet bilen Kann kinofestiwalynyň täze prezidenti saýlandy. Bu barada halkara kinofestiwalynyň metbugat gullugynda aýdylýar diýip, TASS habar berýär.
Professional hukukçy, Knobloh 15 ýyl Warner Bros. Entertainment amerikan kompaniýasynyň fransuz bölümine ýolbaşçylyk etdi. Ol Kann kinofestiwalynyň prezident wezipesinde bu wezipäni 2014-nji ýyldan bäri eýeleýän Pýer Leskýuryň ornuny çalşyrar.
“Men festiwalyň medeniýet dünýäsinde abraýyny saklamagy üçin ähli tagallalary ederin” – diýip, Knobloh aýdýar. Ol bu wezipede ilkinji aýal bolar.
Kann kinofestiwalynyň prezidentini saýlaýan Administratiw geňeş 28 adamdan ybarat. Onuň düzümine Fransiýanyň Medeniýet ministrliginiň, DIM-iň, Fransiýanyň parlamentiniň palatalarynyň, awtorlaryň, filmleriň, prodýuserleriň we prokatçylaryň assosiasiýalarynyň, Awtorlyk hukuklaryny goramak jemgyýetiniň wekilleri, şeýle-de professional birleşikleriň wekilleri girýär.
Soňra festiwalyň prezidenti onuň direksiýasyny belleýär. 2007-nji ýyldan bäri bäsleşigiň baş direktorynyň wezipe borçlaryny Týerri Fremo ýerine ýetirýär.
Şu ýyl Kann kinofestiwaly 17 – 28-nji maýda geçiriler.