Aýallaryň tennis assosiasiasynyň (WTA) sanawynda birinji ýeri eýeleýän awstraliýaly Eşli Barti sport karýerasyny tamamlaýandygyny mälim etdi. Bartiniň düşündirişini WTA-nyň metbugat gullugy habar berýär.
«Özüme ýokary derejede talap bildirmek üçin indi mende dyňzap duran fiziki gujuram, duýga ýugrulan islegem we beýleki zatlaram ýok. Men ýadadym. Muny men daşymdan birinji sapar dile getirýän. Ýöne men bagtly hem taýýar» diýip, tennisçi belleýär.
Barti 25 ýaşynda, guramanyň arka durmagynda hasabynda 15 tituly bar. Awstraliýaly zenan 2019-njy ýylyň 9-njy sentýabryndan bäri dünýä sanawynyň birinji setirini eýeläp gelýär. Ýanwarda ol Awtraliýanyň Açyk çempionatynda ýeňiş gazandy. Barti owal Fransiýanyň (2019) we Uimbldonyň (2021) Açyk çempionatynyň ýeňijisi bolupdy.
Barti, 2008-nji ýylyň maýynda professional sportdan gidýändigini mälim eden belgiýaly Žýustin Enenden soň, dünýä sanawynyň birinji setirini eýeleýärkä karýerasyny tamamlaýandygyny mälim eden taryhda ikinji tennisçidir. 2010-njy ýylda Enen karýerasyny täzeden dikeldipdi, emma bir ýyl geçenden soň, saglygy bilen bagly ony ýene tamamlamaly boldy.