Lişaýnik ösümligi tarapyndan bölünip çykýan usin kislotasynyň, örän köp peýdaly häsiýetleri bar. Ol hususan-da, wiruslara, bakteriýalara, kömeleklere garşy täsir edip bilýär. Şeýle-de bolsa, onuň arassa görnüşi adam saglygy üçin howplydyr. Şonuň üçin Sibiriň alymlary himiki usullar bilen bu maddany üýtgetdiler. Netijede, alnan birleşmeleriň esasynda howpsuz dermanlary döretmek mümkin boldy.
Hünärmenleriň sözlerine görä, täze maddalaryň iki funksiýasy bar. Olar COVID-19 keseliniň netijelerini ýok etmek we rak keseline garşy göreşmek. Mundan başga-da, birleşmeleriň rak keseli bolan öýjüklerdäki DNK-ny abatlamagy haýallaşdyryp bilýändigi ýüze çykaryldy.