Beýik Britaniýanyň Sent-Endrýus uniwersitetiniň, Nýu-Yorkorkdaky Sirakuz uniwersitetiniň we ABŞ-nyň Bristol we Tehas uniwersitetinin alymlar topary gözleg geçirdiler. Hünärmenler, şol gözlegleriň çäklerinde dinozawrlaryň ýok bolmagynyň täze sebäbini tapdylar.
Şeýlelik bilen, hünärmenleriň pikiriçe, gadymy arhozawrlaryň köpçülikleýin ölüminiň asyl sebäbi, äpet asteroidiň gaçmagy däl-de, eýsem şondan soňra başlanan kükürt gazlarynyň zyňylmagydyr. Hünärmenleriň belläp geçişi ýaly, olar ençeme ýyllap Ýer ýüzünde saklanyp galypdyr. Bu bolsa planetanyň güýçli sowamagyna sebäp bolupdyr.
Gazyň bu derejedäki mukdarynyň, ýenede bir täsiri bolupdyr – ol kislotaly ýagyşyň ýagmagyna sebäp boldy we planeta düşýän ýagtylygyň mukdaryny azaltdy.
Netijede, Ýerde fotosintes bozuldy -: ösümlikler we deňiz planktonlary üçin möhüm bolan proses. Hut şolar iýmit hatlarynyň esasy bolup durýar.
Aýgül HAJYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 318-nji toparyň talyby