Intel Alder Lake hatlarynyň Core i9-12900KS prosessoryny hödürledi we onuň dünýäde iň çaltdygyny aýtdy.
Prosessor turborežimde iň ýokary ýygylygy 5.5 GGs-a çenli üpjün edýär. Bu, oýun oýnamak üçin örän uly mümkinçilikleru üpjün edýär. Intel kompaniýasynyň düşündirmegine görä, Core i9-12900KS, iki ýadroda ilkinji gezek 5.5 GGs-a ýetip biler.
Prosessor 16 sany ýadro (sekiz öndürijilik we sekiz täsirli ýadro) we 24 akymy öz içine alýar, esasy güýji 150W-a ýetýär, 30MB Intel® Smart Cache bar.
Core i9-12900KS, 5-nji aprelden başlap teklip edilen, 739 dollardan başlan bahasy bilen satylyp başlar. Ony dünýädäki bölek satuw dükanlarynda tapyp bolar.