Täze gözlegiň netijesine görä, hassahanakardaky, hem COVID-19, hemde dümew bilen kesellän näsaglara, keseliň agyr geçmek howpy has köp abanýar.

Gözlegiň netijesi, SARS-CoV-2 (COVID-19-a sebäp bolýan wirus) we dümew ýokuşan hassalaryň, diňe COVID-19 bilen kesellän hassalaryňka garanyňda dört esse ýygy-ýygydan öýkendäki emeli howa çalşygyna mätäçdigini görkezýär.

Gözlegçileriň pikiriçe, netijeler,hassahanada COVID-19 bilen kesellän hassalaryň dümew üçin barlaglaryň has içgin zerurdygyny görkezýär we COVID-19 hem-de dümewiň garşysyna doly sanjymyň möhümdigini aýratyn belläp geçýär.

Topar, 2020-nji ýylyň 6-njy fewralyndan 2021-nji ýylyň 8-nji dekabry aralygynda Beýik Britaniýada COVID-19 bilen kesellän uly ýaşly, keselhana ýerleşdirilen hassalar baradaky maglumatlara öwrendiler. COVID-19 keseli bilen kesellän näsaglaryň 6 965 sanysynda utgaşýan dem alyş wirus ýokançlyklary, analiziň netijelerinde bellenildi. Olaryň takmynan 227-sinde dümew wirusy hem bardy we olar has agyr netijeleri başdan geçirdiler.