Garaşsyz Türkmenistan sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasy bilen strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga möhüm ähmiýet berýär. Geçen hepde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde habar berlişi ýaly, şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinden eziz Diýarymyza buýsandyryjy habarlaryň birbada ikisi gelip gowuşdy.

Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu abraýly halkara gurama tarapyndan we oňa agza döwletleriň 62-siniň awtordaş bolup çykyş etmegi bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Baş Assambleýanyň ýokarda agzalan mejlisinde döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin agzalygyna saýlanylmagy ulus-ilimiziň şatlygyny goşalandyrdy. Mejlisde hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, bu möhüm ähmiýetli wakalar ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmaga we halkara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge ýene bir esas döredýär.

Görşümiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary esasynda köpçülikleýin welosiped sürmegiň we welosiped sportunyň halkara derejesinde ösdürilmegine ýylsaýyn giň ähmiýet berilýär. Çünki pyýada ýöremek, welosiped sürmek ýaly fiziki işjeňlik adamzadyň saglyk we ykdysady-durmuş ösüşini gazanmak bilen birlikde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge hem uly goşant goşýar. Ygtybarly we amatly ulag görnüşi hasaplanylýan welosipediň köpçülikleýin ulanylmagynyň daşky gurşawy goramakda, ekoabadançylygy üpjün etmekde we ynsan saglygyny berkitmekde täsiri örän uludyr. Bulary nazara almak bilen, BMG-niň halkara günleriniň senenamasynda 3-nji iýuna hem aýratyn orun berildi. Ýagny Türkmenistanyň başlangyjy we Milletler Bileleşiginiň Kararnamasy esasynda 2018-nji ýyldan bäri 3-nji iýunda «Bütindünýä welosiped gününiň» bellenilmegi dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrýar. Ýurdumyzyň ähli ýerinde dürli ýaşdaky ildeşlerimiziň işjeň gatnaşmaklarynda köpçülikleýin welosipedli ýörişleriň yzygiderli guralmagy, 2018-nji ýylda Aşgabat şäherinde Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp welosiped sürmek boýunça okuw sapagynyň, 2019-njy ýylda bolsa paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde welosipedçileriň 2019-synyň gatnaşmagynda «Iň dowamly bir nyzamly welosipedli ýörişiň» geçirilmegi döwletimizde sagdyn we ruhy taýdan kämil ýaşlary ýetişdirmek meselesine iňňän uly ähmiýet berilýändigini görkezýär. Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurdaky wezipeleri durmuşa geçirmegi mynasyp dowam etdirmek ugrundaky işler jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek boýunça edilýän tagallalaryň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýandygyna şaýatlyk edýär.

 

Türkmenistanyň BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagy-da möhüm ähmiýetli wakadyr. Ýagny Türkmenistanyň bu halkara guramanyň derwaýys düzümine saýlanylmagy ýurdumyzyň dünýädäki abraýynyň barha artýandygynyň, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde saýlanylyp alnan halkara hyzmatdaşlyk ýolunyň dogrudygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasydyr.

Eziz Watanymyzyň durmuşyndaky bu hoş habarlar «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň buýsançly syýasy wakalarydyr. Dünýäde parahatçylygy, dostlugy hem-de netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak ugrunda asylly başlangyçlary öňe sürýän hormatly Prezidentimize alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Eneş ÖDEKOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby