Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň nobatdan daşary geçirilen mejlisinde mähriban Watanymyzy geljek 30 ýylda syýasy, durmuş-ykdysady we medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny, şeýle hem türkmen döwletini we jemgyýetini mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösdürmegiň oňyn özgertmelerini yzygiderli amala aşyrmagyň ileri tutulýan wezipeleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy, degişli çözgütleriň, taryhy kararlaryň kabul edilmegi döwletimiziň geljeginiň rowaçlyklara beslenjekdigine güwä geçýär. Maslahatda kabul edilen il bähbitli, döwlet ähmiýetli kararlardyr çözgütler, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini gowulandyrmak boýunça göz öňünde tutulan maksatnamalar ildeşlerimiz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. Bu döwletli maslahatda ýurdumyzyň etraplarynyň we etrap hukukly şäherleriniň arasynda durmuş, ykdysady we medeni taýdan ähli görkezijiler boýunça ýokary netijeleri gazanan etraby saýlamak boýunça yglan edilen bäsleşikde etrabymyzyň ýeňiji bolandygy baradaky aýdylan hoş habar göwün guşumyzy ganatlandyryp, bagtyýar zamanamyza buýsanjymyzy goşalandyrdy.
Bu günki gün döwrümiziň döredijilik ruhy bilen amal edilýän beýik işleriň ýakymyny, ýalkymyny etrabymyzyň her bir obasynda duýmak bolýar. Ýurdumyzy gurşap alan döredijilikli zähmetiň, bagtyýarlygyň, egsilmez eşretleriň ruhunda ösýän, özgerýän etrabyň gözel görki ak bagtyň şuglasy kimin nur çaýýar. Eşretli günleriň hözirinden, baky bagtyýarlygyň ylhamyndan güýç-kuwwat alyp, Watanymyzyň nurana geljegi ugrunda zähmet çekýän halkymyz döwrümiziň özgerişliklerine mynasyp goşant goşmaklyga çalyşýar. Çünki öňe sürülýän taryhy ähmiýetli başlangyçlar, amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalar şu günki we geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy ugrundaky beýik işleriň owazy bolup tutuş dünýä ýaýylýar.
Halk bilen maslahatlaşylyp kabul edilýän çözgütler nurana geljegiň ajaýyp gözýetimlerini açýar. Taryhy maslahatda kabul edilen «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny tassyklamak hakyndaky» Karar muňa aýdyň subutnamadyr. Onda ýurdumyzda innowasion häsiýete esaslanýan milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa arkaly ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleri netijeli dowam etmek, şonuň hasabyna Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmek, ahyrky netijede bolsa ilatyň ýaşaýşynyň has ýokary hil derejesini gazanmak bellenilýär.
Bu röwşen ýol geljekde ynam bilen ýörediler. Arkadagly Serdarymyz Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmek dabarasynda bu hakda aýratyn durup geçdi. Hormatly Prezidentimiz: «Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmek üçin bellenen esasy ýol, öňde goýlan maksatlar, geljegi uly wezipeler meniň geljekde alyp barjak işimiň esasynda durýar» diýip belledi. Durnukly ösüşleri gazanmakda, jemgyýetiň agzybirligini, ýurt asudalygyny üpjün etmekde şeýle çemeleşmäniň gymmaty bimöçberdir. Biz hem öňde goýlan beýik wezipeleri abraý bilen durmuşa geçirmek ugrundaky hereketiň öň hatarlarynda bolarys.
Atajanow Yusup
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby

RU












