Taryha ser salanymyzda söwdanyň, alyş-çalşyň, eýeçiligiň ösmegi bilen baglylykda zatlary çekmek üçin terezi, gapan ýaly agyrlyk ölçenilýän enjamlar, şeýle-de agyrlyk ölçegleri ýüze çykypdyr. Elbetde, olar häzirki agyrlyk ölçegleri bolan gram, kilogram, tonna, sentner ýaly däl-de, has az agyrlyklary aňladypdyr. Olar, esasan, şu aşakdakylar:
Batman — takmynan ýigrimi kilograma barabar bolan agyrlyk ölçegi.
Gadak — 409,5 grama deň bolan agyrlyk ölçegi.
Geýrek — bir zadyň sekizden bir bölegine deň bolan agyrlyk ölçegi.
Mysgal — 4,26 grama deň bolan agyrlyk ölçegi.
Hepbe — takmynan 500 gram möçberindäki agyrlyk ölçegi.
Put — 16 kilograma deň bolan agyrlyk ölçegi.
Görşümiz ýaly, taryhyň ozalky döwürlerinde ata-babalarymyz dürli agyrlyk ölçeglerini döredipdirler we olardan durmuşda, işde peýdalanypdyrlar. Bu agyrlyk ölçegleriniň türkmen halk döredijiliginde, taryhy şahsyýetleriň işlerinde, eserlerinde, taryhy temadan ýazylan eserlerde duş gelýän ýerleri-de bar.
Laçyn TUWAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 317-nji toparyň talyby