Her gülüň öz ysynyň bolşy dek, pasyllaryňda özüne mahsus gözelligi bar. Ýapraklaryň saralyp ýere gaçýan döwri diýlende, ilki bilen göz öňüňde güýz pasly janlanar. Özüniň aýratynlygy bilen tapawutlanýan güýz paslynyň käbir ýurtlarda dürli-dürli wagtlarda başlaýandygyny siz bilýärdiňizmi? Häzirki wagtda güýz paslynyň dowam edýändigini göz öňüne tutup, güýz pasly bilen bagly täsin maglumatlary size ýetirmegi makul bildik.

Saralyp ýere düşen ýapraklar typançak bolýar.

Güýz aýlarynda atmosfera basyşy peselýär. Käte bolsa bu birden bolýar. Bu metrologiki ýagdaý adamlarda käbir oňaýsyzlyklaryň döremegine sebäp bolýar.

Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň käbir sebitlerinde güýz pasly aýratyn öwüşginli bolýandygy üçin gysga möhletli syýahatlar köp guralýar.

Atmosferanyň basyşynyň tapawudy güýzde has üýtgeýär.

Demirgazyk ýarym şarynda güýz pasly sentýbr aýyndan başlap dekabr aýyna çenli dowam edýär.

Günorta ýarym şarynda bolsa güýz pasly mart, aprel we maý aýlarydyr.

Bir wagtlar Irlandiýanyň çäginde ýaşaýan keltler awgust, sentýabr, oktýabr aýlaryny güýz aýlary hasaplapdyrlar.

Amerikaly alymlar geçiren barlaglarynyň netijesinde güýzde doglan adamlaryň beýleki pasylda doglan adamlara garanyňda has uzak ýaşaýandyklaryny anykladylar.

ATAKÄÝEWA Ogulbossan
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 121-nji toparynyň talyby