Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda, şol sanda milli hukuk ulgamynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler giňden dabaralanýar. Ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Esasy Kanunymyzyň 4-nji maddasynda «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýlip bellenilýär. Şeýlelik bilen, Türkmenistanda adam baradaky alada, onuň saglygynyň hemmetaraplaýyn goralmagy, howpsuzlygynyň üpjün edilmegi, hukuklarynyň we bähbitleriniň goralmagy ilkinji orunda durýar we ileri tutulýar. Bu bolsa, öz gezeginde, demokratiýanyň ösdürilmegi we döwletimiziň hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Şunuň bilen birlikde, adamyň saglygyny goramak meselelerine aýratyn üns berilýär. Adamlaryň saglygyny goramak boýunça giň gerimli çäreleriň geçirilmeginiň zerurdygy baradaky garaýyş «Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Adamlaryň saglygyny goramak meseleleri döwletimiziň we dünýä lukmançylygynyň ösdürilmegine ägirt uly goşant goşan döwlet Baştutanymyzyň hemişe üns merkezinde durýar. Halkymyzyň saglygyny goramak döwletimiziň alyp barýan syýasatynyň örän möhüm we ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynyň işini, şol sanda azyk önümleriniň, agyz suwunyň hili hem-de howpsuzlygy bilen bagly, saglygy goraýyş hyzmatlaryny etmek, ýaramaz endikleri doly aradan aýyrmak we sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunlary kabul etmek boýunça işler güýçli depginde alnyp barylýar.

Ýurdumyzda ýaramaz endiklere we zyýanly serişdeleriň ulanylmagyna garşy ählumumy göreşiň yglan edilmegi halkymyzyň saglygy barada edýän taýsyz tagallalarynyň ýene bir subutnamasydyr. Ýaramaz endikleriň ynsan bedenine edýän täsirlerini aradan aýyrmak maksady bilen döwletimiz tarapyndan degişli çärelere aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmen halkynyň ýokary ýaşaýyş-durmuş derejesi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaç bolsun!