Daniýaly alymlar fiziki zähmetiň görnüşi bilen demensiýanyň ösmeginiň arasyndaky baglanyşygy kesgitlediler. Bu gözleg Medicine & Science in Sports žurnalynda çap edildi.
Görnüşi ýaly, agyr zähmet we sport bilen meşgullanmak adama ters täsir edýär. Eger, ortaça işler we maşklar bedene peýdaly bolsa, onda alymlaryň maglumatlaryna görä, agyr fiziki zähmet içki agzalaryň we şol sanda beýniniň hem könelmegine sebäp bolýar.
Gözlegçiler, agyr zähmet, demansiýa döremek howpuny 55 göterim ýokarlandyar diýen netijä geldiler. Maglumatlar, 1970-nji ýyllardan başlan 4721 sany erkek adamlara gözegçilik etmek prosesinde ýygnaldy.
Alymlaryň pikiriçe, şeýle netijeler, agyr fiziki zähmet bilen meşgullanýan işgärleriň arasynda demensiýanyň öňüni almak meselesine, iş berijileriň ünsüni çekmeli.
Gülýalek BATYROWA,