Xiaomi kompaniýasy, resmi bahasy 699 ýuan bolan we size gelýän myhmanlaryň ýüzüni ýatda saklamak ukyby bolan Smart Cat Eye atly gapy üçin kamerasynu satuwa çykarylandygyny habar berdi.
Smart Cat Eye 1s, 5 dýuýmlyk IPS LCD ekran we ýokary hilli wideo ýazgy üçin 1080p kamera bilen enjamlaşdyrylandyr. Dolandyryş paneliniň ekranynyň aýnasy berkleşdirilen we ol howany hem-de beýleki möhüm maglumatlary görkezip biler.
Enjam, F2.0 diafragmaly, 160 derejelik görüş meýdança burçy we bütin günüň dowamynda gözegçilik hemde gije surata düşürme ukyby bolan daşarky kamera bilen enjamlaşdyrylandyr.
Smart Cat Eye 1s jaňynyň, 8000mAh göwrümli batareýasy alty aýa çenli gözegçiligi üpjün edýär we enjamy USB-C arkaly aňsat zarýad berip bolýar. Ýüzleri tanamak, aýratyn ýüzleri ýatda saklamak ukyby hem goldanýar.