SpaceX-iň ýolbaşçysy Ilon Mask adamzadyň ýok bolup gitmegine sebäp bolup biljek üç zady aýtdy. Bu barada “Independent” neşiri ýazýar diýip, Day.Az belleýär.
Ilon Mask işewür Matias Depfner bilen söhbetdeşlikde üç meseläni belläp geçdi. Birinjisi – çaga dogluş derejesiniň peselmegi. Telekeçiniň özüniň sekiz çagasy bar.
“Men çaga dogluşy barada gürrüň edip, köp wagt sarp etdim. Bu adam siwilizasiýasynyň geljegi üçin örän uly howp bolup biler” – diýip, Ilon aýdýar.
Maskyň pikiriçe, ikinji sebäp emeli intellektdir. Inžener bu ugra aýratyn üns bilen seretmelidigini, sebäbi onuň diňe ýüzleý öwrenilendigini belleýär. Häzirlikçe edil fantastiki filmlerdäki ýaly maşynlaryň hakykatdan hem aýaga galyp, adamlary öldürip biljekdigini ýa-da ýokdugyny hiç kim bilmeýär.
Üçünji mesele dini ekstremizmdir. Şol bir wagtyň özünde, Mask geljek üçin iň uly umydyň Marsdaky şäherdigini belledi.
“Men adamlaryň Marsda şäheri bolsa, begenerdim, sebäbi tutuş adamzadyň ömür dowamlylygy hem has uzyn bolardy” – diýip, ol aýtdy.
Aýjahan KULIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 316-njy toparyň talyby