Elbrusyň buzluklary soňky bäş ýylda bäş esse çalt ereýär. Olar ýylda 1,25 inedördül kilometr ýitirýärler. Bu barada Rosgidrometiň “2022-nji ýyl üçin RF-iň çäginde klimat aýratynlyklary barada” hasabatynda aýdylýar. Muny lenta.ru salgylanyp, Day.Az ýetirýär.
Gözleglere görä, meýdanyň has uly azalmasy iň uly ini bolan buzluklarda hasaba alyndy: Jikiugankez (4,5 kilometr) we Uly Azau (3 kilometr). Olaryň meýdany 8,12 inedördül kilometr we 6,35 inedördül kilometr (29,2 we 32,4 göterim) azaldy. Umumylykda 1957 – 2020-nji ýyllarda Elbrusyň buzluklarynyň meýdanynyň umumy azalmasynyň – 24,6 inedördül kilometriň (19,6%) 54,8 göterimine deň boldy.
Meýdanyň maksimal azalmasy Mamihdon derýasynyň ýokary akymynda ýerleşýän Kozisete jülge buzlugynda hasaba alyndy, buzluklaryň uzynlygy ortaça 1,2 kilometr, jülge buzluklarynyň meýdany bolsa 13,9% azaldy.
Tylla HYDYROWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 106-njy toparynyñ talyby