Hindistan bäş ýyl möhletli elektron syýahatçylyk wizalaryny gaýtadan berip başlar diýip, ATOR habar berýär.
Elektron wizany 156 ýurduň raýatlary alyp bilerler. Şeýle-de bolsa, düzgünlere görä, elektron resminama boýunça daşary ýurtly raýatlara diňe kesgitlenen howa we deňiz barlag nokatlarynyň üsti bilen girmäge rugsat berilýär. Olaryň arasynda Mumbaýyň we Goanyň portlary we howa terminallary bar. Ýöne şeýle wiza bilen ýurda gury ýerler arkaly girmek entek mümkin däl.
Pudagyň wekilleriniň sözlerine görä, uzak möhletli wizalar bu ýurtda gyşlaýan ýa-da uzakdan işleýänler, gezelençleri gurnaýjylar, şeýle hem şahsy ýa-da iş bilen baglanyşykly meseleler bilen Hindistana ýygy-ýygydan gelýän raýatlar üçin amatlydyr.