Bilşimiz ýaly, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam saglygyny goramaga, tebigata aýawly çemeleşmäge aýratyn üns berilýär. Şu maksat bilen ýurdumyzda ekologik taýdan iň arassa ulag bolan welosiped sürmeklik giňden ýaýbaňlandyrylýar. Her ýylda 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni hem-de 3-nji iýun Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosipedli ýörişler guralýar. Biz hem 7-nji aprel – Bütindünýä saglyk gününiň ýetip gelmegi mynasybetli welosiped sürmegiň peýdalary baradaky maglumatlary size ýetirýäris:
Welosiped sürmek iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam berýär. Bu bolsa adamyň sagdyn bolmagynyň bir görkezijisidir.
Nerw ulgamynyň sazlaşykly işlemegine ýardam berýär. Şähdiňi açýar, özüňi oňat duýmagyňa ýardam berýär.
Pikirleniş ukybyny ýokarlandyrýar. Welosiped sürmek gan aýlanyşygyny gowulandyrmak bilen beýnä howanyň barmagyny üpjün edýär.
Öýkeniň işjeňliginiň gowulanmagyna ýardam berýär. Welosipedde ýarym sagat gezelenç etseň, öýkeniň işleýşi has gowulanýar.
Bedeniň kesele garşylyk ukybyny ýokarlandyrýar. Welosiped sürýän adamlarda kesele garşy göreşmek ukyby, aýratynam sowuklama, dümew ýaly kesellerden goraýjylyk ukyby has ýokary bolýar.
Ýupar Egirjäýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.