Nebitgaz pudagy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Biziň ýurdumyz tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir.
Bir ýa-da birnäçe komponentlerden durýan garyndynyň adaty kowma prossesi, fraksiýalaryň takyk dargamagyny üpjün etmeýär. Bu fraksiýalaryň has arassa we takyk dargamaklygy üçin rektifikasiýa usuly ulanylýar. Ýagny gapma-garşylyklaýyn hereketlenýän bug we suwuk fazalaryň köp saparlaýyn galtaşmaklygy esasynda bug fazanyň pes gaýnaýan komponente baýlaşmagy, suwuk fazanyň bolsa ýokary gaýnaýan komponentlere baýlaşmagy amala aşyrylýar.
Rektifikasiýa prosessi – rektifikasion sütünlerinde ýerine ýetirilýär. Rektifikasion sütüni dikligine ýerleşen silindr görnüşli apparat bolýar. Ýokarlygyna görä ýörite rektifikaison tabaklary bilen üpjün edilýär. Bu gaplar boýunça ýokarlygyna bug akymlary, ýokardan aşaklygyna akýan suwuklyk akymynyň içi bilen geçip , sütüniň ýokarlygyna tarap galýar.
Gerekli temperatura çenli gyzdyrylan çig mal rektifikasion sütünine berilýär. Bug sütün boýunça ýokarlygyna galýar, suwuklyk bolsa aşaklygyna akýar. Sütüniň ýokarsyndan aýrylýan buglaryň kondensirlenen bir bölegi sütüni suwlamak üçin gaýdyp gelýär. Ýokaryk galýan buglaryň kömegi bilen suwarýan suwuklyk gyzýar we bugarýar. Bug bolsa öz gyzgynlygyny suwuklygyna berip, bir bölegi kondensirlenme prossesleri sütüniň beýikligi boýunça her bir tabagyň üstünde birnäçe sapar gaýtalanýar.
Rektifikasiýa prosesiniň esasy şertleri: ýokaryk galýan bug akymy we aşaklygyna akýan flegma akymy, sütüniň urluşy bug bilen suwuklygyň arasyndaky galtaşmany ýokary derejede üpjün etmeli.
Hemra ÇARYMYRADOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň
Energetika we inženerçilik desgalar fakultetiniň 1-nji SKMD hünäriniň talyby.