«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly türkmen halky üçin düşümli ýyllaryň biri boldy. Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet başyna geçen ilkinji günlerinden başlap, halkymyzyň asuda we bolelin durmuşyny üpjün etmegi, Türkmenistanyň halkara derejesindäki abraý-mertebesini has-da beýgeltmegi esasy wezipe edip goýdy. Hormatly Prezidentimiz: «Biziň esasy maksadymyz mähriban Watanymyzyň asudalygyny we howpsuzlygyny, durmuş-ykdysady taýdan ösüşini, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmagy, bütin dünýäde parahatçylygy hem-de özara ynanyşmagy berkitmegi üpjün etmekdir. Şu belent maksatlara ýetmegiň ýoly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde kabul edilen hem-de ata Watanymyzyň geljek 30 ýylda gülläp ösmegine gönükdirilen Milli maksatnamada aýdyň beýan edildi. Bu maksatnama «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» diýlip atlandyrylýar» – diýip belleýär.

Ata Watanymyz Türkmenistan halkara gatnaşyklarynda hoşniýetli goňşuçylyga, özara hormat goýmaga we deňhukuklylyga, dünýäniň ähli ýurtlary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga esaslanan Bitaraplyk syýasatyny dowam edýär. Biziň döwletimiziň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan gelip çykýan esasy ýörelgeler, anyk aýdylanda bolsa Ýer ýüzünde parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmek, hoşniýetli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny giňeltmek, durnukly ösüşi üpjün etmek geljekde hem Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryny düzýär. Biziň döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasyna, hereket edýän ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn halkara ylalaşyklara, şertnamalara hem-de konwensiýalara laýyklykda, öz halkara borçnamalaryny doly ýerine ýetirip, häzirki wagtda Halkara pul gaznasy, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Yslam ösüş banky we beýleki halkara maliýe-ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy ýokary derejede alyp barýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy zamanasynda 2022-nji ýylyň 25-nji martynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň başlangyjy bilen şu ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy özüniň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylandygyny aýtdy. Bu möhüm wakanyň Bütindünýä Söwda Guramasynyň Baş geňeşiniň ýakynda geçirilen nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasynyň Geňeşe agza döwletler tarapyndan biragyzdan makullanyp, Türkmenistana BSG-ä goşulýan ýurt derejesini bermek baradaky çözgüdiň kabul edilen günlerine gabat gelmegi bolsa aýratyn buýsandyryjy wakadyr.

Enejan MAMEDOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby