«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýyly täze döwrüň täze üstünliklerine beslenip, bagtyýar halkymyzyň durmuşyna eşrepi çaýýar. Ýylyň ilkinji günlerinden badalga alan taryhy wakalar dowamat-dowam tapyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň senenamasyna şanly pursatlar bolup ýazylýar. Hususan-da, Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisi döwlet hem jemgyýetçilik durmuşyna täzeçillik çaýjak çözgütlere baý boldy. Ýurdumyzy geljek 30 ýyllyk döwürde durmuş-ykdysady taýdan has-da ösdürmegiň ugurlaryny kesgitleýän Milli maksatnamanyň kabul edilmegi, şonuň ýaly-da täze taryhy eýýamda täzeçil usullardan baş çykarýan, giň dünýägaraýyşly hem-de häzirki zaman ylmyna, oňyn pikirlenmelere ygrarly ýaş nesilleriň ýetişendigi, ata Watanymyzyň we halkymyzyň ykbaly baradaky jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe çykarmak baradaky başlangyç tutuş halkymyzda gyzgyn goldaw tapdy. Şunuň bilen baglylykda, 12-nji martda geçirilen ählihalk saýlawlarynda türkmen döwletiniň hem jemgyýetiniň ykbalyny täze eýýamda täze üstünliklere ýetirjek mynasyp dalaşgär ýokary döwlet wezipesine saýlanyldy. Gahryman Arkadagymyzyň dowamaty, ähli ýörelgeleriniň hem göreldesiniň eýerijisi hormatly Prezidentimiz Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow sesleriň köplügi bilen döwlet Baştutany diýlip ykrar edildi. Bu taryhy hem şanly waka halkymyzyň Arkadagymyz bilen bir bitewi maksatda berk jebisleşip, el-ele berip ýaşandygyny, döredendigini, gurandygyny tutuş dünýä äşgär etdi.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti döwlet Baştutany wezipesine girişmek dabarasynda eden çuň manyly çykyşynda diýarymyzda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ähli ugurlarynda mundan beýläk hem ýokary netijeleri gazanmaga uly ähmiýet beriljekdigi barada belent ynam bilen nygtady. Hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr!» diýen çuňňur manyly sözleri Watan bilen halkyň, hormatly Prezidentimiziň bitewüligini, jebisligini alamatlandyryp, täze rowaçlyklara nurana şygar boldy.

Gahryman Arkadagymyzyň ýol-ýörelgesini dowam etdiriji hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa belent wezipesinde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris. Biz bagtly eýýamyň bagtyýar adamlary hormatly Prezidentimiziň töweregine berk jebisleşip, ösüşiň täze belentliklerine tarap uly ynam bilen öňe gitmekde baky bitewi güýje öwrüleris, türkmeniň at-abraýynyň, şan-şöhratynyň mizemezdigini tutuş dünýä doldurarys.

Allamyradowa Maýagözel

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.