Parahatçylygyň hem asudalygyň mekany bolan türkmen döwleti Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2052-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» durmuşa geçirmek bilen bagly belent maksatlaryň nurana ýoluna gadam basdy.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynyň ähli ugurlary boýunça amala aşyrylýan özgertmeler, owalbaşdan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly halkymyzyň asuda hem abadan durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň hakykatdan hem şeýledigini Gahryman Arkadagymyzyň döwlet syýasatynyň esasy ugry bolan «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesine laýyklykda ýurt möçberinde amal edilýär

Golaýda, has takygy, 2022-nji ýylyň 15-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi, şeýle hem Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2022 — 2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagy bellenmäge mynasyp wakadyr

Arkadagly Serdarymyzyň döwlet münberinde eden ilkinji taryhy çykyşynda belleýşi ýaly, biz Türkmenistan atly beýik döwletde, parahat we arassa asmanyň astynda, uzak hem-de bagtyýar durmuşda ýaşamalydyrys, abadan we gül ýaly durmuşymyza buýsanmalydyrys. Bu ýurt biziň Watanymyzdyr! Bu ganatly jümleler merdana halkymyzyň gadymyýetden gelýän ruhy baýlyklaryny, däp-dessurlaryny täze taryhy döwre görä kämilleşdirmegiň, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini berkitmegiň ýolunda möhüm ädim boldy

Goý, halkymyzy şeýle ýokary derejede ruhlandyryp bilýän, ata Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmek ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň ähli tutumlary ugruna, jany sag, ömri uzak bolsun! Halkymyzyň, Watanymyzyň geljegi ugrunda amala aşyrýan maksatnamalaýyn işleri diňe rowaçlyklara, üstünliklere beslensin!

 Nurýagdyýew Perman

Türkmen döwlet binagärlik gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby