Britaniýaly alymlar topary, 3D-printerde çap edilen barmak üçin proteziň düýpgöter täze görnüşini döretdiler. Onuň tapawutlandyrýan aýratynlygy, adam derisi ýaly duýgurlygydyr.

Bristol uniwersitetiniň hünärmenleriniň bellemegine görä, oňa adamyň dürli nerw uçlarynda önýän signallara meňzeş signallary barmaga öndürmäge mümkinçilik berýän ýörite datçikler “tikildi”.

Gözlegiň awtory: “Biziň işimiz, adam derisiniň çylşyrymly içki gurluşynyň adam duýgurlygyny nädip döredýändigine düşünmäge kömek edýär. 3D-printerde çap edilen taktil barmak ujumyzyň hakyky taktil neýronlaryň ýazgylaryna meňzeýän emeli nerw signallaryny döredip biljekdigine göz ýetirdik “-diýip gözleg işiniň awtory Natan Lepora gürrüň berýär.

Şeýle hem, synagyň çäginde proteziň adaty janly barmak ýaly güberçek ýüzleri “duýandygy” habar berildi.

Tawus ÇARYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 109-njy toparynyñ talyby