Russiýanyň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy Aleksandr Puşkiniň durmuşy baradaky sazly-filmi eýýäm önümçilige başlady diýip, “Gazprom-Media” guramasynyň baş ýolbaşçysy Aleksandra Žarowanyň sözlerine salgylanyp habar berýär.
“Bu, rus edebiýatynyň esasy nyşanyna öwrülen gahrymanyň kyn ýolunyň kyssasy. Puşkiniň medeni abraýyny inkär edip bolmaýar: onuň eserleri, intonasiýalary, ýaňsylary şu günki günlere çenli ýörgünli . Biz, öz döwründen öňe geçen we häzirki zaman tomaşaçylary üçin hem möhüm bolan şahyr baradaky bu proekta örän ünsli we jogapkärçilikli çemeleşýäris.”-diýip Žarowa aýtdy.
Filmiň iş adynyň “Pygamber” boljakdygy aýdyňlaşdyryldy. Surat Puşkiniň liseýdäki okuwyndan tä ölýänçä, bütin ömrüni diýen ýaly öz içine alar.
Lentanyň, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda çykarylmagy meýilleşdirilýär.
Hezret GYLYJOW,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 315-nji toparyň talyby