15-nji aprelde Türkmenbaşy şäherinde 400 orunlyk täze köpugurly hassahana açylyp ulanmaga berildi. Onuň açylyş dabarasyna Balkan welaýatynda toý saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň wezipä girişenden soňra ýurdumyzyň sebitlerine amala aşyrýan ilkinji sapary hökmünde taryhy ähmiýete eýedir. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň elektron neşirinde habar berilýär.
Irden hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasynyň öňündäki meýdançada mähirli garşylanyldy. Döwlet Baştutanymyz bu ýerde çykyş edip, täze saglygy goraýyş desgasynyň aýratynlyklary we onda ilata ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek boýunça döredilen mümkinçilikler barada giňişleýin durup geçdi. Soňra dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow köpugurly hassahana bilen ýakyndan tanyşdy.
Hazaryň kenarynda 2019-njy ýylyň martynda gurluşygyna başlanan 7 gatly hassahanada dürli keselleriň öňüni almak, olary anyklamak hem-de bejermek işleri göwnejaý ýola goýuldy. «Ussat inžener» hususy kärhanasy tarapyndan gurlan dünýä derejesindäki hassahanada bölümleriň 27-si hereket eder.
Türkmenbaşy şäher köpugurly hassahanasy Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Ýaponiýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň, Niderlandlar Patyşalygynyň, Çehiýanyň, Daniýanyň, Finlýandiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Hytaýyň öňdebaryjy öndürijileriniň iň kämil, innowasion lukmançylyk we tehniki enjamlary, saglygy goraýyş maksatly beýleki serişdeleri bilen üpjün edildi. Saglygy goraýyş hyzmatlarynyň amala aşyrylmagy üçin zerur maglumatlaryň ýokary tizlikde alşylmagy boýunça hassahananyň ähli bölümlerinde sanly ulgam arkaly özara arabaglanyşyk ýola goýuldy.
Ýeri gelende bellesek, Soňky ýyllarda milli saglygy goraýyş ulgamynda ýetilen belent sepgitler Garaşsyz Watanymyzyň gazanan iň ähmiýetli üstünlikleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Şu gün bu iri saglygy goraýyş desgasynyň ulanmaga berilmegi bolsa türkmenistanlylaryň saglygynyň döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanýandygyny nobatdaky gezek aýdyň görkezdi.
Remezan Batyrjanow
Türkmen döwlet-binagärlik gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

RU












