Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ykdysady, syýasy, medeni we beýleki ugurlar bilen birlikde, ylym, bilim ulgamy hem uly ösüşlere beslenýär, jemgyýetimizi ösdürmekde aýratyn orny eýeleýär. Bu babatda döwletimizde häzirki döwürde ähli şertler döredildi. Bilim ulgamyna sanly serişdeleriň, öňdebaryjy kompýuter we multimediýa enjamlarynyň ornaşdyrylmagy, umumybilim berýän orta mekdepleriň 12 ýyllyk okuwa geçirilmegi nobatdaky möhüm we düýpli ädimleriň hatarynda durýar.

Ata Watanymyzyň ýagty geljegi ösüp gelýän ýaş nesliň bilimine, zehinine we höwesine köp derejede baglydyr. Şu nukdaýnazardan ýaşlaryň biliminiň hiliniň ýokarlandyrylmagyna, onuň halkara ölçeglerine laýyk getirilmegine uly üns berilýär, ýaş oglanlaryň we gyzlaryň häzirki zaman ylmynyň we täze tehnologiýalaryň gazananlaryny özleşdirip bilmekleri üçin ähli şertler döredilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, ýaş nesli ýokary derejede taýýarlamak wezipesi ýurdumyzda matematikany, fizikany, informatikany, himiýany, biologiýany we beýleki sapaklary çuňlaşdyryp öwretmäge gönükdirilen ýöriteleşdirilen orta mekdepleriň döredilmegini şertlendirdi. Bilim ulgamynyň hil taýdan döwrebaplaşdyrylmagy mekdepleriň okuw tertipnamasyna hem möhüm täzelikleri girizdi. Oňa esasy sapaklar bilen birlikde, «Ykdysadyýetiň esaslary», «Türkmenistanyň medeni mirasy», «Dünýä medeniýeti», «Modelirlemek we grafika», «Maglumat-kommunikasiýa we innowasion tehnologiýalar» ýaly sapaklar girizildi. Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, mekdep okuwçylarynyň öwrenýän daşary ýurt dilleriniň gerimini giňeltmek hakyndaky çözgüt bu ugurda nobatdaky möhüm ädim boldy. Ol köptaraply halkara hyzmatdaşlygynyň çägini işjeň giňeltmek we okgunly ösdürmek maksady bilen kabul edildi. Ýurdumyzda iňlis, fransuz, nemes, ýapon we beýleki dilleri çuňlaşdyryp öwredýän okuw mekdepleri üstünlikli hereket edýär.

Okuwçylar «Altyn asyryň altyn zehinleri» ders we taslama bäsleşiklerine, «Umumybilim berýän ýöriteleşdirilen mekdepleriň okuwçylarynyň arasynda robot tehnikasy, takyk we tebigy ugurly okuw dersleri boýunça ylmy-döredijilik bäsleşigi» ýaly döredijilik işlerine işjeň gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan zehinli ýaşlaryň täze nesli ýüze çykarylýar. Bu ugurda beýik başlangyçlary bilen çykyş edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman, il-ýurt bähbitli tutumly işleri elmydama rowaç bolsun!

Hudaýbergenowa Maftuna, 

Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 2-nji ýyl talyby.