Ýaponiýanyň Sony korporasiýasy Amerikanyň Epic Games oýun kompaniýasyna takmynan 1 milliard dollar maýa goýýar. Bu barada korporasiýanyň web sahypasynda çap edilen beýanatda aýdylýar.
“Bu maýa goýumyň üsti bilen, höweslendirmeler sferasynda täze gymmatlykkary döretmäge sebäp berjek mümkinçilikleri öwrenmek üçin [Epic Games bilen] hyzmatdaşlygymyzy giňeltmäge we çuňlaşdyrmaga umyt edýäris ” -diýip Sony korporasiýasynyň beýanynda bellenýär.
Epic Games şu wagta çenli iň meşhur Fortnite oýunlarynyň birini dörediji bolup durýar.