Gyzyl sogan, käşir we petruşka uzak ýaşamak üçin peýdaly häsiýetlere eýedir. Şeýlelik bilen, gyzyl sogan, ähli gök önümleriň arasynda öz düzümindäki flawonoidleri, antioksidant maddalary boýunça çempiondyr. Olar bolsa öz gezeginde gönüden-göni biziň öýjüklerimizi goraýarlar.
Käşir öz düzüminde süýümleriň köp bolmagy bilen peýdalydyr. Şol bir wagtyň özünde bu ýerde gürrüň, şekersiz we duzsyz guradylan käşir barada aýdylýandyhyna düşünmek möhümdir.
Petruşka bolsa düzüminde köp mukdarda kaliýniň bolmagy bilen tapawutlanýar. Bedeni gan basyşynyň ýokarlanmagyndan örän gowy goraýar, bu hem öz gezeginde uzak ýaşamaklyga oňyn täsir edýär.
Enejan ÖWEZMYRADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 314-nji toparyň talyby