Marqueta gullugy adamlara dükanlardaky eden söwdalarynyň tölegi üçin ele çip goýmak pikirine nähili garaýandyklaryny bilmek üçin pikir soralyşyk geçirdi.
Britan-Polşa firmasy Walletmor, implantasiýa edilýän töleg çiplerini öndürýän ilkinji kompaniýa bolandygyny öňe sürýär. Aragatnaşyksyz tölegler kabul edilýän ýerleriň ählisinde ulanyp bilersiňiz. Çipiň agramy bir gramdanam az. Ol adamlar üçin howpsuz biopolimer bilen gurşalan. Enjam elektrik üpjünçiligini talap etmeýär. Çip, smartfonlardaky ýaly NFC tehnologiýasyny ulanýar.
Walletmor şu wagta çenli 500-den gowrak çip satandygyny öňe sürýär. Tutuş Beýik Britaniýawe Ýewropa Bileleşigi boýunça 4000-den gowrak adamyň arasynda geçirilen gözleg, adamlaryň 51% -iniň çip goýmagy göz öňünde tutýandygyny görkezdi. Şeýle-de bolsa, adamlar tehnologiýanyň howpsuzlygy barada alada edýärler.
Soltan HOMMODOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 313-nji toparyň talyby