Günorta Koreýanyň paýtagtynda ýerleşýän Inçhon howa menzilinde intellektual howpsuzlyk gözegçilik ulgamy gurnalar, ol ýolagçylaryň el goşlaryndan noutbuklary we suwuklyklary çykarmazdan howply zatlary kesgitläp biler diýip, Aju Business Daily habar berýär.
Häzirki wagtda Inçhon halkara howa menzili her gonuş çykyşynda el goşlary barlaýar. Intellektual howpsuzlyk zolagy, her adamy aýratynlykda barlaýan kämilleşdirilen detektorlar, 3D- suratlary ýokary durulykda görkezýän rentgenli kompýuter tomografiýsy we awtomatiki usulda lotoklary (ATR) gaýdyp berýän ulgamy öz içine alar.
2025-nji ýyla çenli ähli gidiş we geçiriş zolaklary täze intellektual barlag enjamlary bilen enjamlaşdyrylar diýip, meýilleşdirilýär.