Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda, aýratynda halkymyzyň milli gymmatlyklaryny aýawly saklamaga, dünýä ýaýmaga uly ähmiýet berilýär. Halkymyzyň milli buýsanjyna öwrülen şeýle gymmatlyklaryň biri-de ahal-teke bedewlerimizdir.
Türkmen halkynyň ýaşaýyş medenýetinde bedewler örän uly orny eýeläpdirler. Halkymyz bedewlerini hemişe başynyň täji hasaplapdyr, ony iň ynamdar ýoldaşy hökmünde eý görüpdir.
Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Bedew türkmeniň köňlüniň täjidir, toý-baýramlarynyň bezegidir. Türkmen bedewleriniň täsin taryhy öz gözbaşyny müňýyllyklaryň jümmüşinden-neolit, eneolit we bürünç eýýamlaryndan alyp gaýdýar. Çünki bedew türkmen halkynyň ykbaly we taryhy bilen aýrylmaz baglanşyklydyr, atşynaslyk sungatyna türkmen halkynyň kämil dünýägaraýşy, çuň pelsepesi siňendir” diýen sözleri külli türkmeniň köňül kelamy, kalbynyň owazy bolup ýaňlanýar.
Ýurdumyzda her ýyl Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli Halkara sergi-ýarmarkasyny hem-de “Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahaty geçirmek däbe öwrüldi. Mundan başga-da indi birnäçe ýyldan bäri ahalteke atlarynyň asyl mekany bolan Türkmenistanyň paýtagtynda her ýylda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň mejlisleri geçirilýär. Şol çärelere dünýäniň ençeme ýurdundan bedewleriň janköýerleri bolsa diňe bir ýurdymyzda däl, eýsem dünýäniň başga ýurtlarynda hem ýeterlik. Dünýäniň birnäçe döwletlerinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanama we giň sesleme döredipdi. Şu geçen ýyllaryň içinde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy, Hytaýyň atçylyk assosiasiýasy hem 2011-ji ýyldan bäri Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzasy bolup durýar.
Ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň gözelligini çeperçilik taýdan şekillendirmek boýunça nakgaşlaryň, heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriniň, fotosuratkeşleriň, neşirýat işgärleriniň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda döredijilik bäsleşigi geçirilýär. Biziň ýurdumyzda 2009-njy ýyldan bäri Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli, her ýyl ahalteke bedewleriniň gözellik bäsleşigi geçirilýär. Bäsleşikde ýeňiji bolan atlaryň seýisleriniň Türkmenistanyň Prezidentiniň baş baýragyna mynasyp bolmagy atşynaslar üçin uly bagt hasaplanýär.
Milli at üstündäki oýunlar toparyna “Galkynyş” adynyň dakylmagyny döwrüň özi salgy berdi. Garaşsyz, baky Bitarap döwletiň döwrüne gadam basylan wagty döredilen bu topar hakykatda milli bedewlerimize galkynýan döwrüň peşgeş berlen zamanydyr.
“Galkynyş” at üstündäki oýunlar topary ençeme gezek Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragynyň ýeňijisi boldy. Toparyň agzalarynyň birnäçesi döwlet sylaglarynadyr, hormatly atlara mynasyp görüldi.
Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ahalteke bedewi – biziň buýsanjymyz we şöhratymyz” atly ajaýyp kitabynda naýbaşy ahalteke bedewleri barada giňişleýin gürrüň berilýär. Bu kitap Türkmenistanyň Prezidentiniň atçylyk toplumynda ösdürilip ýetişdirilen arassa ganly, saýlama ahalteke bedewleri barada giň düşünje almaga mümkinçilik berýär.
Döwründe halkymyzyň buýsanjy bolan ahalteke bedewleriniň dünýädäki şan-şöhratyny belende galdyrmak, ýurdumyzyň atçylyk pudagyny has-da ösdürmek, at çapyşyklaryny, marafon ýaryşlaryny, atly päsgelçiliklerden bökmek, şeýle hem milli at üstündäki oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri ýetişdirmek maksady bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynda Atçylyk boýunça okuw merkezi we ýapyk manež ulanmaga berildi.
Türkmeniň adyny dünýä tanadan türkmen bedewleri bu gün äleme seýran edip, älemi haýran edýär.
Ogulgül NOWRUZOWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär
okuw mekdebiniň mugallymy

RU












