Türkmen halky be­hişdi bedewlerimize aý­ra­tyn sar­pa goý­ýar. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­myzyň ahal­te­ke be­dew­le­ri ba­ra­da ýazan aja­ýyp ki­tap­la­ry hal­ky­myz ta­ra­pyn­dan söý­lüp okal­ýar.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz “Ahal­te­ke be­de­wi — bi­ziň buý­san­jy­myz we şöh­ra­ty­myz” at­ly ki­ta­byn­da: “At türk­men üçin äh­li zat­dyr” di­ýip bel­le­ýär we ola­ra goý­ýan sar­pa­sy­ny be­ýan ed­ýär. Şo­nuň ýa­ly-da, bu eser­de türk­men be­de­wi­niň ta­ry­hy yzar­lan­ýar. Mu­nuň özi ki­ta­byň yl­my­ly­gy­ny has-da art­dyr­ýar, ony ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň ta­ry­hy ba­ra­da ýa­zy­lan iň naý­ba­şy eser hök­mün­de öňe çy­kar­ýar. Şo­nuň üçin hem mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň bu ese­ri ýur­du­my­zyň ta­ryh­çy alym­la­ry, at­şy­nas­la­ry, bi­lim iş­gär­le­ri üçin ýan­ki­ta­ba öw­rül­di.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ga­da­my bat­ly be­dew” at­ly aja­ýyp ki­tap hem tu­ruw­baş­dan oky­jy­ny özü­ne im­rin­dir­di. Ahal­te­ke be­dew­le­ri­niň dur­muş­da­ky or­ny ki­ta­byň için­den eriş-ar­gaç bo­lup geç­ýär. Ki­tap­da ahal­te­ke at­la­ry­nyň ge­lip çy­ky­şy, reňk aý­ra­tyn­lyk­la­ry ba­ra­da­ky pi­kir­le­re giň orun be­ril­ýär. Bu ba­rada Gahryman Arkadagymyz: “Men türk­men be­dew­le­ri­ne has bo­lan tä­sin reňk­ler dün­ýä­de seý­rek duş gel­ýär diý­mek­çi bol­ýa­ryn. Bu gö­zel­li­gi ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne owa­dan, yla­hy gud­rat­ly türk­men te­bi­ga­ty eçi­lip­dir” di­ýip bel­le­ýär.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «At­da we­pa-da bar, sa­pa-da» at­ly aja­ýyp ese­rin­de hem be­hiş­di be­dew­le­ri­miz ba­ra­da gi­ňiş­le­ýin mag­lu­mat­lar be­ril­ýär. Gahryman Arkadagymyzyň peş­geş be­ren bu ki­tap­la­ryn­dan alyp bar­ýan okuw-ter­bi­ýe­çi­lik iş­le­ri­miz­de peý­da­lan­ýa­rys. Mäh­ri­ban Ar­ka­da­gy­my­zyň ahal­te­ke be­dew­le­ri­ne ba­gyş­lap dö­re­den eser­le­rin­de mil­li gym­mat­lyk­la­ry­myz, ola­ryň dün­ýä me­de­ni­ýe­tin­dä­ki or­ny we hä­zir­ki gün­ler­de wa­gyz edi­li­şi hem açy­lyp gör­ke­zil­ýär.

Ýur­du­myz­da her ýyl Türk­men be­de­wi­niň milli baý­ra­my my­na­sy­bet­li ahal­te­ke at­la­ry­nyň hal­ka­ra gö­zel­lik bäs­le­şi­gi­ni hem-de ola­ryň owadanlygyny şe­kil­len­di­riş we ama­ly-ha­şam sun­ga­ty­nyň eser­le­rin­de, ne­şir önüm­le­rin­de, fo­to­su­rat­lar­da, te­le­ýaý­lym­lar­da çe­per be­ýan et­mek bo­ýun­ça su­rat­keş­le­riň, heý­kel­ta­raş­la­ryň, ha­ly­çy­la­ryň, zer­gär­le­riň, fo­to­su­rat­çy­la­ryň, ne­şir­ýat iş­gär­le­ri­niň, di­zaý­ner­le­riň, te­leo­pe­ra­tor­la­ryň ara­syn­da bäs­le­şik­le­ri ge­çir­mek dä­be öw­rül­di.

Ber­ka­rar döw­letiň täze eýýamynyň Galkynyşy döw­rün­de hem hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň taýsyz tagallasy bilen behişdi bedewlerimiz hakdaky alada hemişe üns merkezinde saklanylýar. Halkymyzyň milli mirasy bolan ahalteke bedewlerimiziň waspyny dünýä ýaýmakda ähli mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!

 

Tamara SEÝITOWA

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy