Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerini äleme ýaýmakda ylym, bilim ulgamynyň belent sepgitleri gazanmagy uly ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiz bilim ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmaga aýratyn uly üns berýär. Şonuň netijesinde häzirki döwürde bu babatda kanunçylyk binýadynyň hem yzygiderli kämilleşdirilýändigini aýratyn bellemek möhümdir. Ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, bu ugurdan hünärmenleri taýýarlamakda alnyp barylýan işler döwrüň talabyndan ugur alýar.

Bilim almak, ylym öwrenmek täze eýýamyň ýaşlarynyň esasy maksady bolmalydyr. Munuň üçin bolsa ajaýyp Diýarymyzda ähli mümkinçilikler bar. Gahryman Arkadagymyzyň islendik ýurduň ösüşiniň bilimli, ylymly ýaşlara baglydygyny aýratyn bellemegi hem muňa aýdyň mysaldyr. Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda häzirki wagtda bilim ulgamyny ösdürmek bilen bagly işler dowam edýär.  Ýurdumyzda hereket edýän hünär ugurly okuw mekdeplerinde ýaşlaryň saýlan hünäriniň eýesi bolmagy üçin nazaryýetde alan bilimleri tejribäniň üsti bilen kämilleşdirilýär. Bu bolsa geljegine umyt bildirilýän ýaşlaryň kämil hünärmenler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir

Durdybaýewa Göwher

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ talyby