«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022—2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» kabul edilmegi geljekki 30 ýylda ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda we pudaklarynda köpsanly özgertmeleriň amala aşyrylmagynyň dowam etjekdigini görkezýär. Bu maksatnamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň gowulandyrylmagy bilen birlikde makroykdysady ýagdaýlaryň durnuklylygynyň gazanylmagyna, şeýle-de döwlete dahylsyz pudagy ösdürmek üçin ykdysadyýetiň bazar gatnaşyklaryna geçilmegine şert döredýär. Ol Garaşsyz döwletimiziň geljekki ösüş ýoluny kesgitlejek ýörelgeleri öz içine alýar. Döwletimizi syýasy, ykdysady, durmuş we medeni taýdan ýokary depginler bilen ösdürmeklige, Garaşsyzlygymyzyň we baky Bitaraplygymyzyň esaslaryny mundan beýläk-de berkitmeklige gönükdirilen bu maksatnamanyň esasynda ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça möhüm ugurlaryň kesgitlenilendigi buýsançly ýagdaýdyr.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda işlenip düzülen, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçiriljek täze maksatnamada otuz ýylyň dowamynda oba bilen şäherleriň ösüş we döwrebaplyk derejesindäki aratapawudy aýyrmak, hojalyklaryň halal girdejisini artdyrmak, dünýä ylmynyň hem-de tejribesiniň iň täze gazananlary esasynda milli önümçiligi düýpli döwrebaplaşdyrmak, oba ýerlerinde orta we kiçi telekeçiligi ösdürmegiň binýadynda dürli guramaçylyk-hukuk görnüşli iri möçberli paýly agrosenagat birleşiklerini esaslandyrmak ýaly wezipeler kesgitlenilýär.
Maksatnamanyň birinji tapgyrynda, hususan-da, çetki obalary ösdürmek, senagat önümçiliklerini awtomatlaşdyrmak, olary elektron, internet giňişligine doly baglanyşdyrmak işlerine möhüm orun degişlidir. Sebit ykdysadyýetiniň pudaklaýyn we düzüm özgertmeleri hatda iň çetki obalaryň hem ýokary tehnologiýaly, ähli üpjünçiligi bolan, senagatlaşan şäherçelere öwrülmegine, oba ilatynyň umumy ýaşaýyş-durmuş medeniýetiniň, bilim hem tehnologik sowadynyň ýokarlanmagyna ýardam berer. Sanlyja ýyllardan uly möçberli maýalaryň netijeli özleşdirilmegi bilen, obalaryň, şäherçeleriň, etrap merkezleriniň we iri şäherleriň, demirýol beketleriniň, olara ýanaşyk ýerleriň keşbi düýpli özgerer.
Ýurdumyzy ösüşiň belent sepgitlerine ynamly alyp barýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, belent başy aman bolsun!
Güljan DÖWRANOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ talyby.