Az kalorialy önümleri öz içine alýan berhiz immun ulgamyna oňyn täsir edip biler. Gözlegçiler, içege mikrobiomyny öwrenmek bilen bu netijä geldiler.

Alymlar ilki bilen, örän pes kaloriýaly berhiziň (8 hepdäniň dowamynda 800 kkal /her gün) semiz aýalyň içege mikrobiomasyna nähili täsir edendigini seljerdiler. Indiki ädimde, gözlegçiler syçanlarda geçirilen berhizden öň we soň içege mikrobiotany kesip oturtdylar. Şeýle etmek bilen,olar içege mikrobiomasynyň metabolizma we immun ulgamyna edýän täsirini kesgitläp bildiler.

Netijede, üýtgedilen berhiz netijesinde mikrobiota göçürilmegi, glýukoza çalşygy gowulaşdy we ýag gatlaklarynyň emele gelmegi azaldy. Mundan başga-da, mahsus bolan T- we B-öýjükleriň derejesi peseldi. “Bu bolsa, immun ulgamynyň garramagynyň haýallamagyny görkezýär” -diýip gözlegçiler düşündirdi.

Döwletmyradowa Jahan,

 Türkmenistanyň Telekomunikasiýa we informatika institutynyň talyby.