Biz Älemiň işleýşini iki sany fiziki teoriýalaryň kömegi bilen düşündirmäge öwrenişdik: umumy otnositellik teoriýasy we kwant mehanikasy. Iki teoriýa hem özbaşdaklygyna has gowy işleýär, ýöne olar biri-birine gapma-garşylykly gelýär diýip hasaplanýar. Bu häzirki zaman fizikasyna garşylyk döredýär.

Iki teoriýanyň arasyndaky gapma-garşylygy ýeňip geçmek üçin synanyşyklaryň biri hem setir teoriýasy. Setir teoriýasy,11 ölçegde titreýän bölejikleri setirler bilen çalyşýar. Emma 1980-nji we 1990-njy ýyllarda köp sanly fizikleriň bu teoriýadan tamalary çykmady we kwant grawitasiýasyna birnäçe täze matematiki çemeleşmäni teklip etdiler. Bularyň arasynda iň meşhurlaryndan biri, giňişligiň we wagtyň matasynyň gaty ownuk diskret böleklerden ýa-da “halkalardan” emele gelýändigini öňe sürýän halkaly kwant grawitasiýasydyr. Halkaly kwant grawitasiýasynyň nukdaýnazarlarynyň biri onuň , wagty doly ýok etmegidir we ol yeke-täk däl.

Umuman aýdanyňda, fizika wagt düşünjesini ýok edip bilse-de, sebäplilik we derňew baglanşyklary gozgalman galýar. Şeýlelik bilen fizika, wagt däl-de, sebäblilik biziň Älemimiziň esasy häsiýetidigini aýdyp biler.

Aknur BEGJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 111-nji toparynyñ talyby