Tehas uniwersitetiniň gözlegçileri E witaminiň rak bejergisini güýçlendirip biljekdigini anykladylar.

Ylmy işiň awtorlary köp ýyllyk kliniki ýazgylaryň maglumatlaryny öwrendiler we öz gözleglerini geçirdiler. Immunologiki terapiýa (IKT) wagtynda E witamini alan rak keselli hassalaryň, sagalmakda has gowy görkezijileri görkezdiler.

Alymlar, E witaminiň rak keseliniň öňüni almakda we himiýa bejergisinde bolup biläýjek rolunyň ozal birnäçe gözlegde beýan edilendigini düşündirdiler. Şeýle-de bolsa, bu rak immunoterapiýasy bilen birlikde E witamini goşulmalarynyň häsiýetini öwrenýän ilkinji gözlegleriň biridir. Şeýle hem gözlegçiler anyk netijä gelmek üçin has köp synaglaryň zerurdygyny bellediler.