Halkara hokkeý federasiýasy (IIHF) Russiýany 2023-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek hukugyndan mahrum etdi. Bu barada IIHF-iň saýtynda habar berilýär.
Ýaryş 5-nji maýdan 21-nji maý aralygynda Sankt-Peterburgda geçirilmelidi. Dünýä çempionatynyň täze geçiriljek ýeri barada karar şu ýylyň maý aýynda, Finlýandiýaky dünýä birinjiligi wagtynda geçiriljek IIHF kongresinde kabul ediler. Bu ýaryşa IIHF-iň aýyrmagy sebäpli russiýalylar we belaruslar gatnaşmaz, olaryň ýerine Fransiýanyň we Awstriýanyň milli ýygyndylary çykyş eder.
“Ýaryşy başga ýere geçirmek karary, ilkinji nobatda, ähli gatnaşýan oýunçylaryň, resmi adamlaryň, KHBS-iň we janköýerleriň howpsuzlygy we abadançylygy üçin kabul edildi. IIHF-iň geňeşiniň Nowosibirskde we Omskda geçirilmeli bolan 2023-nji ýyldaky ýaşlaryň arasynda dünýä çempionatyny ýatyrmak barada öňki kararyndaky ýaly, geňeş oýunçylaryň we resmi adamlaryň Russiýa, ondan we onuň içinde erkin hereket etmegi bilen bagly alada galdy” – diýlip, habarda aýdylýar.
Russiýa dünýä çempionatyny üç gezek kabul etdi. 2000-nji ýylda ýaryş Sankt-Peterburgda, 2007-nji ýylda Moskwada we Mytişide, 2016-njy ýylda Moskwada we Peterburgda geçirildi.