PepsiCo korporasiýasynyň Ukrainadaky ýagdaý sebäpli maliýe ýitgileri 500 mln dollar boldy. Bu barada Financial Times habar berýär.
Korporasiýa Ukrainadaky dawa sebäpli ýüze çykan maliýe ýitgileri barada hasabat berdi. Netijede, PepsiCo brendiniň bahasy 241 mln dollar pese gaçdy. Ýene 241 mln dollar almaly tölegleriň mejbury hasapdan çykarylmagy we sebitde haryt-material ätiýaçlyklarynyň bahasynyň peselmegi sebäpli ýitdi.
Ýatlap geçsek, 9-njy martda PepsiCo Russiýada Pepsi, Mirinda we 7Up markalary bilen gazlandyrylan içgileri çykarmagyň we satmagyň togtadylýandygyny habar berdi. Korporasiýa çykdajylaryny azaltmak üçin eýýäm birnäçe warianty gözden geçirdi. Şolardan biri täze at bilen içgileriň döredilmegidir.