Gözlegçiler NIBS usulyny beýan edýän sistematiki syn we meta-derňew işlerini geçirdiler. Umuman alanyňda, olar 699 hassanyň gatnaşmagynda ýedi sany gözleg işlerini geçirdiler

Derňew NIBS usulyndan geçen çilimkeşleriň uzak wagtlap çilim çekmekden saklanmak ähtimallygynyň ýokarydygyny görkezdi. Bu ähtimal, adaty adamlara garanyňda 2,39 esse ýokarydy.

NIBS usuly barada aýdylanda bolsa, onuň iki görnüş bar – göni tok bilen transkranial stimulýaşiýa (tDCS) we transkranial magnit stimulýasiýasy (TMS). Ilkinji bejergide näsagyň kellesine goýlan elektrodlaryň kömegi bilen, pes depginlilikde hemişelik tok beýniniň üsti bilen iberilýär. Ikinjisinde näsagyň kellesine goýlan we magnit impulslaryny emele getirýän demir katuşka ulanylýar.

Akgözel BEGJANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 112-nji toparynyñ talyby