Gözlegçiler, aýdym-saz bilen meşgullanmak okuwçylaryň aň-bilim ukybyny ýa-da mekdepdäki ýetişikligini gowulandyryp bilermi diýip, gyzyklandylar.

Iň möhüm aň-bilim ukybynyň biri iş ýatkeşligidir, ýagny maglumaty ýatda saklap bilmek we daşky kömekçisiz ony ulanyp bilmek ukybydyr. Gözlegçiler jemi 148 adamy gözden geçirip, bu meselede ünsi jemlediler. Alty dürli synagyň kömegi bilen olar gatnaşyjylaryň aýdym-saz we wizual iş ýadyny kesgitlediler, şeýle hem aýdym-saza taýýarlygynyň derejesini bildiler.

Görnüşi ýaly, aýdym-saz okuwy görüş zehininiň işine hem oňyn täsir edip biler. Mundan başga-da,gözleg, tersine, umuman alanymyzda güýçli iş ýadynyň aýdym-saz öwrenmegi ýeňilleşdirip biljekdigini görkezdi. Ýagny, teoretiki taýdan aýdym-saz sapaklary okuwçynyň ýetişkinkigine päsgel berip bilmez we hatda ony kämilleşdirip biler.